«Удивительные люди» şowhunly gepleşiginde ilkinji gezek türkmenistanly gyzjagaz çykyş etdi

Описание к видео «Удивительные люди» şowhunly gepleşiginde ilkinji gezek türkmenistanly gyzjagaz çykyş etdi

5-nji aprelde «Russiýa 1» teleýaýlymynda her hepde ýaýlyma berilýän «Удивительные люди» («Täsin adamlar») şowhunly gepleşigine ilkinji gezek Türkmenistandan wekil gatnaşdy.

Okuwçy gyz Liwanur Berdýewa tiz hasaplaýyş boýunça çykyş edip, tomaşaçylara we emin agzalaryna adatdan daşary güýjüni görkezip bildi we ilkinji gezek Türkmenistanyň milli rekordyny goýdy.

Birinji şertde, Liwanur 50 sekundyň dowamynda ekranda peýda bolan iki belgili sanyň 100 sanysy goşup hasaplamaly bolýar.

Ýagny her sekuntda iki belgili sanyň iki sanysy görkezilýär.

Ikinji şertde gyzjagaz ekrandan geçýän bir belgili sanyň 200 sanysyny hasaplamaly we arasyndan gelýän harplary ýatda saklamaly boldy.

Bu şertde sekuntda üç belgi tizlik bilen görkezildi.

Gyzjagaz sanlary hasaplady we harplar okap berdi.

Harplar parasatly sözlemi emele getirdi. Netijede, adatdan daşary zehinli gyz bu synagdanam üstünlik bilen geçdi.

Tutuş çykyşyň dowamynda Türkmenistandan gelen gatnaşyjyny zalda oturan ejesi goldady.

Liwanur Berdýewa eminler toparyny we tomaşaçylary tolgundyran şatlyk gözýaşlaryny gizlemezden: «Çagalykdan bäri bu ýere gelmegi arzuw edýärdim we arzuwlarym hasyl boldy» diýdi.

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 7-nji synpynda okaýan Liwanur Berdiýewanyň bary-ýogy 13 ýaşynyň bardygyny belläp geçmelidiris.

Ol indi iki ýyldan bäri özi üçin mental arifmetikanyň syrlaryny açmagy dowam edýär.

Liwanurda tiz hasaplamak ukyby haçanda ata-enesi ony «Kämil Bilim» bilim merkezine eltenden soň açylyp başlady.

Onuň mugallymy, şeýle hem MEMORIAD-yň (Bütindünýä zehin sport federasiýasynyň) Türkmenistanda resmi wekili bolan Döwletmyrat Durdymämmedow ilkibaşdan Liwanuryň ukyplaryna göz ýetirdi we gyzyň zehinini ösdürmäge kömek etdi.

Liwanuryň we halypasynyň geljekki maksatlary şu ýyl sentýabr aýynda Germaniýada geçiriljek «Mental Calculation World Cup 2024» bäsleşiginde we BAE noýabr aýynda geçirijek «MEMORIAD 2024»-de türkmeniň ýaşyl Tuguny belende götermek bolup durýar.

#salamnews #show #удивительныелюди #россия #okuw #телешоу

Комментарии

Информация по комментариям в разработке