HG: Tiz kömek sürüjileri ýaramaz ýollardan şikaýat edýär

Описание к видео HG: Tiz kömek sürüjileri ýaramaz ýollardan şikaýat edýär

Şu günki programmamyzda:

- Ýerli synçy Azatlyga hat ýazyp, türkmen häkimiýetleriniň Russiýada kyn ýagdaýa düşýän türkmen migrantlary barada hiç zat aýtmazlygyndan nägileligini bildirdi we bu meselede Täjigistanyň edýän işlerine ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, resmi Aşgabadyň Russiýa göçmek şertnamasy bilen baran türkmenistanlylaryň Moskwanyň Ukrainadaky urşuna çekilmegine reaksiýa bildirmezligi türkmen jemgyýetinde uly soraglary döredýär.

- Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda tiz kömek ulaglarynyň sürüjileri ýaramaz ýollardan hem-de şäher ýerlerindäki asfalt ýollarda awtoulaglaryň tizligini çäklendirmek maksady bilen göterilen depejikleriň köp bolmagyndan şikaýat edýärler.

- Russiýanyň Gara deňiz boýundaky port şäherine, Odesa eden raketa hüjümi bäş adamyň ölmegine, 32 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, sebit häkimi 29-njy aprelde aýtdy. Bu habar prezident Wolodymyr Zelenskiniň ukrain goşunlaryny barha azalýan we örän zerur ýaraglar bilen has çalt üpjün etmäge eden çagyryşynyň birnäçe sagat soňundan berildi.

Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

#habarlar

Комментарии

Информация по комментариям в разработке